Türkmenistanda akkumulýator batareýalarynyň önümçilik kuwwaty ýokarlanýar

Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan bu işleriň depgini günsaýyn artýar. 2016-njy ýylda önümçiligini ýola goýan «Kökçi» hojalyk jemgyýeti bu günki günde ýurduň çägine, şeýle-de ýakyn ýurtlara dürli ýygylykdaky akkumulýator önümlerini hödürleýär. 

«Kökçi» hojalyk jemgyýetinde akkumulýator batareýalarynyň ýük we ýeňil awtoulaglar üçin 60, 65, 75, 90, 100 hem-de 190 ýygylykdaky görnüşleri öndürilýär. Olar «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» ýaly haryt nyşanlar bilen hödürlenýär.

2022-nji ýylda kärhana 45 müň 700 töweregi dürli görnüşli akkumulýatorlary öndürip, olardan 16 müň 788 sanysyny daşary ýurtlara eksport etdi.

Düzüminde 80-golaý işçi-hünärmeni jemleýän kärhananyň gündelik önümçilik mukdary 300 – 350 töweregi akkumulýator batareýalaryna deňdir. Häzirki wagtda bu ýerde HHR-iň we Hindistanyň akkumulýator öndürmäge giňden mümkinçilik berýän täze enjamlaryny oturtmak işleri alnyp barylýar.

Önümçilik kärhanasy bilen Germaniýa we Owganystan ýaly döwletleriň öňdebaryjy kärhanalarynyň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp geçmek gerek.