Daşoguzda ulag gatnaw hyzmatlary netijeli dowam edýär
2022-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda ýolagçy we ýük gatnawlarynyň ýerine ýetirilen mukdary depginli artdy. Bu netije 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende sebitde dürli ulaglar bilen iki milliondan gowrak ýolagçynyň gatnadylandygyny görkezýär. Şonuň bilen birlikde hem, ýükleriň daşalmagy ozalky ýyldan bir million alty ýüz müň tonna artdy.
Daşoguz welaýatynda howa, demir ýol we awtoulag aragatnaşygy arkaly ýurduň beýleki sebitleri bilen işjeň aragatnaşyk dowam etdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatyň demir ýol menzili we Daşoguz şäherinde ýerleşýän Halkara howa menzili döwrebaplaşdyryldy. Welaýatyň merkezinde täze ýolagçy awtoulag terminaly hereket edýär.
Bu ýerde jemgyýetçilik ulag gatnaw hyzmatlary “Daşoguzawtoulag” önümçilik birleşiginiň ulaglary bilen ýerine ýetirilýär. Ulaglar parkynyň üsti täze ulaglardyr enjamlar bilen ýetirilýär.