«Türkmen Logistika» Merkezi Aziýa boýunça institut bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
Türkmenistanyň «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Merkezi Aziýanyň Patyşalyk Logistika we ulag institutynyň (CILT Central Asia) arasyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Ýakynda taraplaryň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatyna iki tarapyň hem ýolbaşçylary gatnaşdylar. Taraplar 2023-nji ýylda bilelikdäki çäreleri meýilleşdirmek, CILT Central Asia-nyň okuw meýilnamalaryny guramak we Assosiasiýa agza kompaniýalaryň wekilleriniň özara gatnaşygyny guramak barada pikir alyşdylar.
CILT Central Asia-nyň 3 ― 4-nji maýda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş ― 2023» atly maslahata gatnaşmagyna garaşylýar. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda institutyň wekilleriniň türkmen paýtagtynda geçiriljek halkara maslahata gatnaşmagy bilen bagly meselä seredildi.
Şeýle hem taraplar 2023-nji ýyl üçin CILT Central Asianyň we «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň Bilelikdäki Hereketleriniň meýilnamasynyň taslamasyny ylalaşdylar. Bu meýilnama USAID-iň Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň goldawy bilen amala aşyrylar. Çeşmäniň bellemegine görä, ýakyn wagtda üç taraplaýyn resminama gol çekiler.