«Türkmenulaggözegçigiň» resmi saýty üýtgedi

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň resmi saýty indi ulaggozegchilik.gov.tm domeninde däl-de, tugdk.gov.tm domeninde ýerleşýär.

Ýene bir ýyldan 30 ýaşajak kärhana Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmak, üstaşyr we eksport-import ýüklerini ýükleri iberijiden ýükleri kabul edijä ulagyň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini ulanmak arkaly daşamak üçin logistika çözgütlerini işläp düzýär hem-de dolandyrýar.

Şeýle hem, «Türkmenulaggözegçilik» kärhanasynyň hünärmenleri ilatyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ýüklerini daşamak bilen baglanyşykly hyzmatlar bazarynyň işine gözegçilik edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

•    Aşgabat, Arçabil şaýoly, 126-njy jaý;
•    (+993 12) 39 02 51.