«Lotos» Türkmenbaşy ― Astrahan aralygynda ýük daşamak üçin dört gämi taýýarlaýar

«Döwlet transport lizing kompaniýasynyň tabşyrygy bilen, «Lotos» gämi gurluşyk zawodynda her biri 530 konteýneri daşamaga ukyply dört sany konteýner gämisiniň gurluşygy dowam edýär. Olar 2025-nji ýylda Hazar deňzinde ýüzüşe başlarlar» — diýip, abnews neşiri  Astrahan sebitiniň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Wolynskiniň aýdanlaryny getirýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, ministr Hazar deňzinden haryt daşamak üçin täze gämiler gurmak meselesine degip geçdi.

Astrahan gämi abatlaýyş kärhanalary Hazar basseýniniň we Hazar deňziniň portlarynyň mümkinçiliklerine laýyk gelýän gury ýük gämilerini gurýarlar.

Onuň sözlerine görä, Astrahan we Türkmenbaşy portlaryny birleşdirjek deňiz ýolunyň resmi taýdan açylmagyndan soň, ýük eýelerine we Türkmenistanyň ýük daşaýjylaryna gämileriň hereketi üçin takyk wagt tertibi berler. Iş tertibine görä, Hazaryň üsti bilen Astrahan sebitine haryt iberilmegini meýilleşdirmek mümkin bolar.