Türkmenistanyň «Demirýollary» AGPJ işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirmek babatynda bäsleşik yglan etdi

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirer. AGPJ munuň üçin potratçy seçip almak boýunça № DÝ/AGPJ-028 belgili açyk halkara bäsleşigini yglan etdi. Bu barada türkmen metbugatynda bildiriş berildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

•    bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
•    lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
•    bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
•    tendere gatnaşmak üçin 2012 manat 50 teňňe (şol sanda 262 manat 50 teňňe - GBS) tölegi tölemeli.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar «Demirýollary» AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

AGPJ ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalarynyň kabul edilmeýändigini hem habar berdi.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 55 otagda (1-nji gat) kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 38-31-04; +993 12 38-31-03.

Faks: +993 12 38-31-03.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolynyň 7-nji jaýy.