Türkmen paýtagtynda täze taksileriň ýarym müňden gowragy hyzmata başlady

Aşgabat şäherinde ýolagçylara hyzmat edýän «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň sany ýene-de ýarym müňden gowrak artdy. Has takygy, şäherdäki taksileriň üstüne ýene-de 530 sanysy goşuldy.

Taksi ulaglary döwrebap mümkinçiliklere eýedir. Olaryň hereketlendirijileri bildirilýän ekologiýa talaplaryna-da doly laýyk gelýär. Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly serişdeleriň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär.

Täze ulaglar kesgitlenilen çäklerde hereket edýärler. Häzirki döwürde hereket edýän taksiler enjamlaşdyrylyşy we ýolagçylara niýetlenilip döredilen şertleri babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Oňaýly taksilerde ýolagçylar üçin zerur howany üpjün edýän enjam ýokary derejede işleýär. Islän wagtyň taksi hyzmaty gerek bolan ýagdaýynda, degişli telefon belgisine jaň edip, ulagy çagyrmak mümkinçiligi hem ýola goýuldy.

Şeýle-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýurduň welaýatlaryndaky degişli awtoulag kärhanalaryna hem «Toyota Сorolla», «Hyundai Elantra» kysymly döwrebap taksi awtoulaglary gelip gowuşdy. Has takygy, döwrebap taksi awtoulaglaryň Ahal welaýatynda 50-si,

Balkan welaýatynda 34-si, Daşoguz welaýatynda 80-si, Lebap we Mary welaýatlarynyň hem hersinde 85-si ilata edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini ýene-de ýokarlandyrar.