Balkan welaýatynda ýeňil ulagda ýolagçy gatnawlary kämilleşdirilýär
Türkmenistanyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Belkan welaýatyna hem täze ýeňil taksileriň 34-si berildi.
«Balkanawtoulag» kärhanasynyň düzümine täze taksi ulaglarynyň gowşurylmagy, welaýatynyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna edilýän awtoulag hyzmatlarynyň medeniýetiniň has-da artmagyna ýardam edýär ― diýip, türken metbugaty 2-nji martda ýazdy.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabat şäherinde, şeýle-de welaýatlarda hereket edýän awtoulag kärhanalaryna daşary ýurtlardan döwrebap taksi ulaglary getirilip, olaryň sany barha artdyrylýar.