Türkmen wekiliýeti Astrahanda Hazar sebitiniň ulag-logistikasyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyň gatnaşyjysy bolar
Türkmenistan şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Astrahanda geçiriljek «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara maslahata gatnaşar. «AstrahanFM» neşiriniň habar berşi ýaly, onda Wolga-Hazar ulag we logistika ekosistemasynyň we Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Forumyň esasy wezipesi işewür toparlaryň, telekeçilige degişli däl pudagyň hünärmenlerini bir ýere jemlemekden ybarat bolar. Oňa Türkmenistandan başga-da, Russiýadan, Eýrandan, Hindistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan we gyzyklanma bildirýän beýleki daşary ýurtlardan wekiliýetler gatnaşar.
Maslahatyň dowamynda Demirgazyk-Günorta, Günbatar-Gündogar, Demirgazyk-Gündogar, Günorta-Günbatar geçelgeleriniň mümkinçiliklerine baha berler.
Forumyň netijelerine esaslanyp işlenip düzüljek teklipler gutarnykly kararlar görnüşinde çap ediler we degişli döwlet edaralaryna hödürlener.