Türkmenbaşy — Gazagystan aralygynda awtomobil ýoluny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi» täze, döwrebap awtomobil ýolunyň we onuň ugrundaky desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.