«Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat we sergi geçiriler
3-4-nji maýda Aşgabat şäherinde «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly 2-nji halkara maslahat we sergi geçiriler. Halkara forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi we onuň garamagyndaky degişli edaralar bilen bilelikde guralýar.
Maslahatyň we serginiň dowamynda pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe halkara ulag-logistika ulgamynda täze şertlere uýgunlaşmak, netijeli ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, şeýle hem ulag boýunça ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, hususy düzümleriniň halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Halkara forumyň çäginde ara alnyp maslahatlaşmalaryň esasy temalary şularda jemlener:
- Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika pudagyny dikeltmek: täze kynçylyklar we mümkinçilikler;
- Ulag we aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak we onuň geljegine göz aýlamak;
- Durnukly ulag ulgamynyň daşky gurşaw talaplary. «Ýaşyl» infrastrukturany ösdürmekde döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti;
- Ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylym-bilimiň orny.
Halkara forum barada www.ittc.com.tm resmi web-sahypasyndan giňişleýin öwrenip bilersiňiz.