Türkmen-gazak serhedinde täze awtomobil ýoluny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi» täze, döwrebap awtomobil ýolunyň we onuň ugrundaky desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi.
Bellenilişi ýaly, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde 2023-nji ýylyň 2-nji maýyna çenli kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-46-64, 44-46-77.