Türkmenistanda multimodal üstaşyr ýük daşamagy resmileşdirmegiň bahasy arzanlady

Türkmenistanda üstaşyr ýük daşaýjylar üçin multimodal ýük daşamalaryna rugsat beriji resminamalary düzetmegiň bahasy arzanlady. Bu barada «Türkmen Logistika» assosiasiýasy habar berdi.

Habar berlişi ýaly, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy Türkmenistanyň demir ýol menzilinden ýa-da ýük howlusyndan beýleki ýurtlara üstaşyr harytlary daşaýan awtoulag serişdeleri üçin rugsatnamalary we CMP halkara ulag üsthatlaryny arzanlatdy.

  • CMP halkara ulag üsthatlaryny resmileşdirmegiň bahasy — 100 manat;
  • Ýük awtoulaglarynyň eýelerine üçünji ýurtlardan Türkmenistana haryt daşamak we Türkmenistanyň çägindäki ulagda ýük daşamak üçin rugsatnamanyň bahasy — 100 manat.

Arzanladyşlar deňiz ýa-da demir ýol ulaglary bilen ýük howlusyna ýa-da Türkmenistanyň çägindäki ilkinji demir ýol menziline gelýän üstaşyr ýükleriň multimodal daşalmagyna degişlidir.

Mundan ozal Türkmenistanda demir ýol menzillerine ýa-da ýük howlularyna gelýän daşary ýurt ulaglary üçin üstaşyr ýüklerini düşürmegiň tölegi 250 dollardan 100 dollara çenli arzanladyldy.