Türkmenistan Täjigistan bilen halkara awtoulag ýük daşamalaryny ösdürer
10-njy maýda Duşenbe şäherindäki «Kasri Millat» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler.
Duşuşykda energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk we oba hojalygy ýaly ugurlara ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ähmiýet berildi. Gepleşikleriň netijesinde iki döwletiň arasyndaky möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňelmegine itergi bermek üçin ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Jemi 23 sany möhüm hyzmatdaşlyk resminamalarynyň hatarynda Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrligi bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň arasynda halkara awtoulag ýük daşamalaryny ösdürmek barada Ähtnama hem gol çekildi.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşygynda taraplar ýangyç-energetika, ulag, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezip, anyk teklipleri beýan etdiler.