Aşgabatda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga üýtgetmeler ara alnyp maslahatlaşylýar
15-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň XXXIV mejlisi açyldy. Mejlis bu Ylalaşygy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek, üstaşyr tertipde demir ýol arkaly haryt daşamak üçin bitewi düzgünleri we nyrhlary kesgitlemek meselelerine bagyşlandy.
1997-nji ýylda güýje giren bu ylalaşyk ulag infrastrukturasynyň ösmegine, ýük gatnawynyň möçberiniň artmagyna, demir ýol ulaglarynyň bäsdeşlik ukybynyň ýokarlanmagyna we Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga şert döredýär.
«Bu çäre Demir ýollaryň arasynda hyzmatdaşlyk guramasynyň esasy agza döwletleriniň biri bolan Türkmenistanda geçýändigi üçin-de möhümdir» diýip, Demir ýollaryň arasynda hyzmatdaşlyk guramasynyň ýük daşamalary boýunça başlygy Zübeýda Aspaýewa belleýär.
Çäre 18-nji maýa çenli dowam eder. Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň mejlisiniň üç günlük işiniň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Mundan başga-da, Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygyny berkitmäge, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine onuň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Aşgabatda bolmagyň çäklerinde myhmanlar üçin gezelençler we medeni maksatnama göz öňünde tutulýar.