M.Çakyýew «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşdy
Tatarystandaky türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşdy. Mejlis Halkara ykdysady forumyň — KazanForumyň çäklerinde geçirildi.
Şeýle hem bu çärä Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Moskwanyň we Russiýanyň Patriarhy Kirill, Russiýanyň Müftüler geňeşiniň başlygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň, Müsüriň, Kuweýtiň, Indoneziýanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Şol gün M.Çakyýew Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşinde «Ak Bars» holding kompaniýasynyň baş müdiri Iwan Ýegorow bilen duşuşdy. Taraplar gämi gurluşygy pudagynda mundan beýläkki hyzmatdaşlyk dogrusynda gepleşikleri geçirdiler.
Kazanda geçirilen forumyň gün tertibinde «Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri» atly aýratyn sessiýa göz öňünde tutuldy. Bu sessiýa Russiýanyň birnäçe sebitiniň we Owganystanyň wekiliýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň başlygy Mämmethan Çakyýew «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça ýük gatnawyny artdyrmak boýunça bilelikdäki işler hakynda gürrüň berip, Astrahan sebiti bilen alnyp barylýan işleri aýratyn belledi.