26-njy noýabr Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Degişli Kararnama Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edildi.
Ýatlap geçsek, BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ulag ulgamyna degişli Kararnamalary kabul edipdi. Bu möhüm resminamalar Türkmenistanda ulag ulgamy boýunça iri halkara forumlaryň birnäçesiniň geçirilmegi üçin esas boldy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmeginde aýratyn many bar. Bu sene 2016-njy ýylyň Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilen senesine gabat gelýär. BMG bu Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň 2022-nji ýylda Awazada geçirilen halkara maslahatyny guramak bilen baglanyşykly tagallalarynyň we bu forumda kabul edilen Jemleýji Beýannamanyň ähmiýetlidigine kanagatlanma bildirdi.
Resminamada durnukly ulag ulgamy boýunça, hususan-da, halkara ulag gatnawlaryny artdyrmak, ekologik ulaglaryň ösüşine ýardam bermek, durmuş taýdan bähbitli ulag düzümleriniň we durnukly ulagyň beýleki ulaglarynyň ösdürilmegine ýardam bermek boýunça jemgyýetçilik biliminiň artdyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş işlerini, çäreleri geçirmek bellenildi.