Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleriniň forumyna gatnaşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew şu gün Duşenbede geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygynyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde gol çekiljek möhüm resminamanyň — Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşmede bellenilişine görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygynyň dowamynda makullanan Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky ylalaşygyň taslamasy şu aşakdaky wezipeleri öz içine alýar:

— gury ýer ulaglary arkaly halkara ýük daşamalaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek;

— Merkezi Aziýa sebitindäki ulag hyzmatlary bazarynda bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek;

— täze halkara, şol sanda multimodal geçelgeleri emele getirmek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak;

— gury ýer ulaglary arkaly halkara ýükleri daşamak we üstaşyr geçirmek işini ýeňilleşdirmek;

— häzirki zaman ulag-logistika hyzmatlaryny ösdürmek;

— ulag ulgamyna innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak, şol sanda gury ýer ulaglary arkaly ulag hereketine gözegçiligi sanlylaşdyrmak;

— ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşlerini ulanmak tejribesini höweslendirmek we ösdürmek.

Mundan başga-da, sebitiň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Beýannamada şeýle formatdaky hyzmatdaşlyga gatnaşyjy ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn platformalary ulanmak arkaly ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň tarapdarydygy bellenilýär.

Şeýle-de, duşuşygyň çäklerinde minstrler Merkezi Aziýa döwletleriniň sebitleriniň arasynda ulag ulgamyndaky arabaglanyşygy ýokarlandyrmak hem-de olaryň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak barada pikir alyşdylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşyjylar forumyň çäklerinde Täjigistanyň «Akia Awesto» transport kärhanasyna, täjik paýtagtynyň bezegi bolan «Istiklol» toplumyna, Nurek şäheriniň gidroelektrik stansiýasyna baryp görerler, şeýle hem Duşenbe — Bohtar awtoulag ýolunyň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşarlar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr"