«Türkmendeňizderýaýollary» koreý kärdeşleri bilen gämi gurluşygyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
«Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň ýolbaşçylary Koreýa deňiz enjamlary birleşiginiň (KOMEA) we «Koryo Shipbuilding Industry Technology. Co., Ltd.» (KSIT) kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň milli söwda flotuny ösdürmäge gönükdirilen gämi gurluşyk taslamalaryny meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda gury ýük gämileriniň we paromlarynyň gurluşygyna aýratyn üns berildi diýlip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň web sahypasynda habar berilýär.
Hususan-da, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygy baradaky taslama ara alnyp maslahatlaşyldy. KSIT-iň wekilleri ýylda 4—6 sany ýokary hilli gämi gurmaga ukyply türkmen zawodynda bar bolan giň mümkinçilikler we häzirki zaman enjamlary bilen tanyşdyryldy.
KOMEA-nyň we KSIT-iň wekilleri hyzmatdaşlygyň uly geljegine ynam bildirdiler, ýerli hünärmenleriň hünär derejesine we zawodda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalaryna ýokary baha berdiler.
«Bu duşuşyk Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň gämi gurluşygy we deňiz senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm ädimdir» diýip, «Türkmendeňizderýaýollary» gullugy nygtady.