Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda halkara ýol ulaglaryny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

20-21-nji sentýabrda Türkmenbaşy şäherinde, «Türkmenawtoulaglary» agenliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň ulag komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gazak garyşyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär.

Mejlisiň dowamynda, iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna serediler we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak we ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Çeşme: «Türkmenawtoulaglary» agentligi