Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi

30-njy sentýabrda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň dowamynda deputatlar «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwer ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini kepillendirmek we goramak boýunça uly işler alnyp barylýar. Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar, sazlaşykly ösmeginiň üpjün edilmegi, saglygyny berkitmekleri, ýokary hilli bilim almaklary üçin mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, şu maksatlar bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi hem hemaýata mätäç çagalara kömek bermek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berýär.

«Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynda «Arkadag» medalynyň Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup durýandygy, onuň durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe, maddy kömegini, maslahatlarydyr usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýändigi beýan edilýär. Ynsanperwerlik, adamy hormatlamak ýaly milli ýörelgelerimizden ugur alnyp taýýarlanan bu Kanunyň taslamasy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny dünýä ýaýmaga, döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň halkara abraýynyň berkidilmegine ýardam berer.

Gün tertibine laýyklykda, deputatlar «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garadylar. Ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasy maksady taraplaryň arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, maýadarlaryň maýa goýum işini amala aşyrmaklary üçin hukuk kepilliklerini berkitmek arkaly, hyzmatdaşlygyň hukuk çarçuwasyny döretmekden ybaratdyr.

Maslahatda «Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» we «Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Kanunlaryň taslamalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. «Halkara korrupsiýa garşy akademiýany halkara gurama hökmünde döretmek hakynda Ylalaşyga goşulmak hakynda» Kanunyň taslamasyna seredilende, deputatlar bu Kanunyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda, halkara şertnamalary baglaşmagyň, olary ýerine ýetirmegiň, üýtgetmegiň we bes etmegiň düzgünlerini kesgitleýändigini bellediler.

Maslahatda «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler bu Kanunyň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli durmuşa geçirilmegi, ulag pudagyny ösdürmek, döwrüň talaplaryna laýyklykda, bu ugurda kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin hukuk binýadyny üpjün etmekde wajyp ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şeýle hem deputatlar «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda»; «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda»; «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»; «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda»; «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar. Bu kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmeginiň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda alnyp barylýandygy we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ugurdaş ulgamlaryň kämilleşdirilmegi üçin hukuk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendigi bellenildi.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hukuk esaslary üçin uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen resminamalaryň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi