Türkmenistanda B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdyrahmanow geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde çagalaryň sürmegi üçin niýetlenen kiçi welosipedleri we polipropilenden oturgyçlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.
«Astoria Grande» ýolagçy kruiz laýneriniň resmi web saýtynda Soçiden (Russiýa) Aleksandriýa (Müsür) aralygyna täze gatnawyň açylýandygy barada beýan edilýär.
Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýewiň arasynda taraplaryň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we onuň geljegini maslahatlaşmak bilen bagly duşuşyk geçirildi.
«Hytaý tarapy ulag üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda we häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygyny beýan edýär» diýlip, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdyldy.