12-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy we olaryň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadag şäherinde ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine, hususan-da, şäheriň halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň işine uly üns berilýä
Dowamyny oka12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kenarýakasynda şanly sene – Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlary, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasynyň) güýje giren gününde geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şu ýylda bu resminamanyň gol çekilenine 20 ýyl doldy. .
Dowamyny oka«Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan 2024-nji ýylda awtoulag serişdelerinde ýükleri daşamaga daşary ýurtlardan rugsat almak üçin Türkmenistanyň ýük daşaýjy kärhanalaryndan arzalar kabul edilip başlandy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi resmi saýtynda habar berýär. Arzalar 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Ýükleri daşamaga daşary ýurt rugsadyny almak üçin arzalaryň kabul edilmegi bilen bagly giňişleýin maglumatlary 39-03-34, 39-03-35, 39-03-36 belgilere jaň edip anyklamak bolýar.
Dowamyny okaTürkmenistanyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. 130 müň gektar ýere tohum sepip, ak bugdaýyň bol hasylyny almagy maksat edinýän lebaply daýhanlar ekiş geçiriljek ýerlerde agrotehniki kadalara laýyklykda sürüm, tekizleýiş we çil çekmek işlerini alyp barýarlar. Bu işde welaýat boýunça kuwwatly ýer sürüji traktorlaryň, tekizleýiş hem-de çil çekmek işlerine niýetlenen oba hojalyk gurallarynyň ýüzlerçesi netijeli işledilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Dowamyny oka11-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de “Awaza” sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Dowamyny okaÖzbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk ulaglary assosiasiýasynyň metbugat gullugy «Şawat — Daşoguz» barlag-goýberiş nokadynyň (BGN) çäginde syýahatçylyk-maglumat merkeziniň açylandygyny habar berdi. Merkez syýahatçylara medeni ýadygärlikler, daşary ýurtlularyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň galmagynyň tertibi ýaly hyzmatlary hödürleýär, şeýle hem «E-Mehmon» ulgamynda hasaba almagy amala aşyrýar.
Dowamyny okaTürkmenistanly daýhanlar pagta hasylyny ýygmaga taýynlanýarlar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habaryna görä, Garagum pagta arassalaýjy zawodynyň işgärleri hasyly taýýarlamak we kabul etmek üçin ýokary derejede taýýarlyk gördüler. Zawodyň işgärleri bilen howpsuzlyk çäreleri boýunça wagyz-nesihat işleri geçirildi. Häzirki wagtda zawodyň barlaghanalary täze pagta hasyly üçin doly taýýar edildi. Zawodyň işgärleri 12-13 müň tonna süýüm öndürmäge mümkinçilik berýän bir hasyl möwsüminde 50 müň tonna çig pagtany kabul ederler.
Dowamyny okaÝakynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň, “Belli” hojalyk jemgyýetiniň we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Dowamyny oka2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda «Challenge Airlines» awiakompaniýasynyň «Boeing 747-400F» kysymly howa gämisi Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Awiakompaniýa Ninbo (Hytaý) — Aşgabat we Aşgabat — Lýež (Belgiýa) ugurlarynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gonup ýük gatnawlaryny amala aşyrýar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär.
Dowamyny okaBalkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýyllyk kuwwaty 120 müň tonna bolan Polipropilen terminalynyň üsti bilen dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri eksporta ugradylýar.
Dowamyny oka