Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara Kuraş Assosiasiýasy bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, degişli Karara halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen gol çekildi. Şeýle hem Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara Kuraş Assosiasiýasy bilen ylalaşyp, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.
Dowamyny oka«Arçman» şypahanasynda dynç alýanlar üçin has-da oňaýly şertleri döretmek maksady bilen Aşgabat — Arçman — Aşgabat gündelik awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi. Aşgabatdan Arçmana gidýän awtobuslaryň ugraýan wagty: Wokzaldan sagat 07:30-de; Teke bazaryndan 10:00-da, 13:30-da we 18:00-da. Awtobuslar Arçmandan 05:30-da, 10:00-da, 13:00-da we 16:30-da Aşgabat şäherine ugraýar.
Dowamyny oka28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.
Dowamyny okaDaşkentde «Türkmendemirýollary» we «Uzbekiston temir ýullari» edaralarynyň wekilleri duşuşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň we Özbegistanyň demirýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada «Uzbekiston temir ýullari» resmi saýtynda habar berýär. Habar berlişine görä, gepleşiklerde taraplar birnäçe möhüm mowzuklar boýunça pikir alşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, «Uzbekiston temir ýullarina» degişli sistern-wagonlaryň Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinde ýerleşdirilmegi, şeýle hem türkmen çäklerinde ýerleşýän üsti ýapyk wagonlaryň wagtynda düşürilmegi we yzyna gaýtarylmagy boýunça pikir alyşdylar.
Dowamyny oka28-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiñ barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu mejlise taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda Daşary işler ministrliginde degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl türkmen tarapy Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek bilen bagly başlangyjy öňe sürmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýada hemişelik esasda hereket edýän Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek we onuň ilkinji duşuşygyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler.
Dowamyny oka2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, Daşary işler ministrliginiň, serhet we gümrük gulluklarynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýeti tanyşdyryş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna geldi. Bu sapar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guraldy diýip, Döwlet gümrük gullugy habar berýär. Çäräniň maksatnamasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň we Täjigistanly wekiliýetiň ikitaraplaýyn duşuşygyndan başlandy. Duşuşykda wekiliýet Türkmenistanda gümrük işiniň taryhy, Gümrük gullugynyň döreýşi, häzirki wagtda alnyp barylýan işler, gümrük edaralaryna ornaşdyrylýan sanly ulgam, täze tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy.
Dowamyny okaAşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek hem-de şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäheriniň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Nowa hyzmat» hususy kärhanasy bilen şertnamany, seýilgäh üçin elektrik, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we medeni-dynç alyş seýilgähini 2025-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Dowamyny oka«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girýän halkara uçuşlaryň häzirki tertibini hödürledi. Täze meýilnama laýyklykda, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlarynyň 8 ýurt boýunça 9 ugra gatnawlary amala aşyrjakdygyny bellemelidiris. Awiakompaniýanyň halkara aragatnaşyk ulgamy Deli (Hindistan), Dubaý (BAE), Maýyn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Kazan (Russiýa), Moskwa (Russiýa), London (Beýik Britaniýa), Pekin (Hytaý) we Stambul (Türkiýe) ýaly şäherleri öz içine alýar. 2023-nji ýylyň 2-nji awgustyndan awiakompaniýanyň täze ýerli uçuş tertibi güýje girýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky içerki gatnawy Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenbaşy, Türkmenabat we Kerki şäherlerini öz içine alýar. Gatnawlaryň doly tertibi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
Dowamyny oka«Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň tejribeli işgärleri özleriniň iş meýilnamalaryny artygy bilen aýma-aý berjaý edýärler diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Önümçilik birleşigi boýunça ýylyň geçen alty aýynda 1 million 142 müň tonna ýük daşalyp, meýilnama 111,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýükleriň dolanyşygy boýunça meýilnama 23 million 897 müň tonna kilometre barabar bolup, bu baradaky tabşyryga 107,6 göterim amal edildi.
Dowamyny okaTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny hem-de olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan 46-njy «Gurtly — Halkara nebit we gaz uniwersiteti» belgili awtobus gatnawynyň ugruny üýtgedýär. Bu ugur boýunça awtobuslar «Gurtly» belleniş nokadyndan ugrap, Döwletli köçesinden hereket edip, Görogly köçesiniň ugry bilen öňki hereketini dowam etdirýär.
Dowamyny oka