auh logo

“Awtomobil Ulag Hyzmaty” AGPJ

icon of the yearPÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Alžiriň Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady
Preview
20.09.2024

Serdar Berdimuhamedow Alžiriň Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Abdelmajid Tebbuna Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

"Biz Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys" diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlagynda belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.