Pekinde halkara awtoulag sergisi açylýar

Dört ýyllyk arakesmeden soň, Pekin awtoulag sergisi dünýäniň iň uly awtoulag sergisine öwrülmek üçin gapylaryny açýar.

Onda 25-nji aprelden 4-nji maý aralygynda dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijilerini goşmak bilen 2000-den gowrak kompaniýa täze önümlerini hödürlär.

Geljekdäki awtoulaglary 800 000-den gowrak adamyň görmegine garaşylýar.

Şeýle gyzyklanmanyň artmagynyň sebäbi näme?

Ilki bilen, Pekin awtoulag sergisi Žewada, Frankfurtda, Nýu-Yorkorkda we Detroýtda geçirilen meşhur sergilerden öňe geçip, gerimini ep-esli giňeltdi.

Ikinjiden, bu ýyl diňe bir hytaý öndürijileri däl, BMW, Mersedes-Benz we Lamborghini ýaly awtoulag ägirtleri hem gatnaşarlar.

Bu gatnaşyjylara dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly modeli görmäge we awtoulag pudagynda tehnologiki üstünliklere şaýat bolmaga mümkinçilik berer diýip, «Rossiyskaýa Gazeta» ýazýar.