«Mersedes-Benz» EQXX elektrik awtoulagynyň rekord derejede işlemegine bagyşlanan film hödürledi

«Mersedes-Benz» EQXX elektrik awtoulagynyň rekord derejede işlemegine bagyşlanan dokumental film hödürledi diýip, «Auto.ru» habar berýär.

2024-nji ýylyň mart aýynda EQXX bir gezeklik zarýadlandyrma bilen Er-Riýaddan (Saud Arabystany) Dubaýa (BAE) çenli 1010 kilometr ýol geçdi. Şeýlelik bilen, ulag energiýa tygşytlylygy babatda täze rekord goýdy.

Tomaşaçylar film arkaly bu synaga taýýarlygyň nähili geçendigini (elektrik awtoulagyny barlamak we zarýad bermek, şeýle hem marşruty düzmek), şeýle hem ýoluň ähli kynçylyklaryny görüp bilerler.

EQXX sagatda ortaça 79,4 kilometr tizlik bilen 1010 kilometre ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, pellehana barlansoň, bortdaky kompýuter batareýadaky energiýa ätiýaçlygynyň ýene 309 kilometre çenli gitmäge mümkinçiligiň bardygyny mälim etdi.

«Mersedes-Benz» energiýa tygşytlylygyny esasy üstünlik hasaplaýar. EQXX 100 kilometr aralyga ortaça bary-ýogy 7,4 kWt/sagat energiýa sarp etdi. Munuň özi rekord derejedäki görkezijidir.

EQXX-niň haçan köpçülikleýin öndürilip başlanjakdygy barada heniz maglumat ýok. Ýöne «Mersedes-Benz» awtoulagyny elektrik ulaglary pudagynda täze tehnologiýalary barlamak üçin ykjam barlamhana hökmünde ulanýar.