«Howdan - Bajygyran» serhet gözegçilik - geçiriş nokadynda ýük awtoulaglarynyň gatnawy gaýtadan dikeldildi

Türkmenistan - Eýran döwlet serhedindäki «Howdan - Bajygyran» gözegçilik - geçiriş ýerinden ýük awtoulaglarynyň geçirilişi gaýtadan dikeldildi. Bu barada «IRNA» habarlar agentligi Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Horasan sebitindäki wekili Mohammad Beheştiniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen, türkmen tarapy Eýranyň 10 sany ýük awtoulagyna ady agzalan serhet gözegçilik-geçiriş ýerinden geçmäge rugsat etdi. Bütin dünýäde dörän COVID-19 ýagdaýlary sebäpli, «Howdan - Bajygyran» serhet gözegçilik - geçiriş ýeri ýük awtoulaglary üçin 3 ýyllap wagtlaýyn ýapyk bolupdy. Häzirki wagtda türkmen - eýran serhedindäki ähli gözegçilik - geçiriş ýerleri arkaly ýükleri geçirip bolýar.

Mälim edilişine görä, Bajygyran serhet gözegçilik-geçiriş ýerinden geçirilýän eýran ýük awtoulaglarynyň agramy 20 tonnadan geçmeli däl we olar Aşgabat şäherine barýan bolmaly.

Bajygyran serhet gözegçilik - geçiriş ýeri Aşgabatdan 35 kilometr günortada ýerleşýär.

Ýeri gelende bellesek, golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda Türkmenistan — Eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Howdan - Bajygyran» gözegçilik - geçiriş ýerinde iki ýurduň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iş duşuşygy geçirildi.