Şäherara ugurlar boýunça ýolagçylary awtobuslarda gatnatmak işi

       Bu gatnatmalar uzynlygy ýetmiş kilometrden uzak bolan gatnaw ugurlary boýunça amala aşyrylýar.  Şäherara gatnawynda gitmek üçin biletleriň ýerlenilmegi awtoulag menzilleriniň kassalarynda ýa-da biletleriň satuwynyň beýleki nokatlarynda amala aşyrylýar, şeýle nokatlaryň ýok halatynda biletler sürüjiler tarapyndan gönüden-göni awtoulag serişdesiniň duralga nokadyndan ugramagyna çenli oňa ýolagçylar mündürilende ýerlenilýär. Şeýle hem, internet ulgamyny ulanmak arkaly biletleriň satylmagy ýola goýulan. Şäherara gatnawynda gitmek üçin biletleriň satuwy ulag serişdesiniň ugradylmagyna çenli azyndan on gije-gündiz öňünden başlanýar we onuň ugramagyna bäş minut galanda tamamlanýar. Öňünden ýerlenilende şol gatnaw üçin awtobusa biletleriň 80 göteriminden köp däl bölegi ýerlenilýär. Biletleriň galan 20 göterimi kassalaryň üsti bilen gündelik ýerlenilýär. Biletleriň öňünden satuwy awtobusyň ugramagyna çenli üç gün galanda tamamlanýar. Şäherara gatnawlarynda ýolagçylar hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy amala aşyrylýar. Ýolagçyny ätiýaçlandyrmanyň bahasy petegiň nyrhyna goşulýar.