23-nji maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoby hem-de Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billany Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady.
16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň işgärleri üçin täze awtobus ugurlaryny ýola goýdy.
12-nji maýda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlykly etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy öz işine başlady.
10-njy maýda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.