«Embraerden» «Eve Air Taxi»: aer: howa taksilerini satmakda öňdebaryjy

Floridadaky «Eve» kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Farnboro şäherindäki 45-nji gezek geçirilen howa ulaglarynyň segisinde howa taksilerini görkezdi. Bu barada  «Techcult.ru» habar berýär.

Bu taslama ägirt mukdarda maýa goýlandygyny bellemek gerek. Oňa 2027-nji ýyla çenli maýa goýlar. Taslama üçin jemi 492 million dollar serişde goýmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda 13 döwletden 30-dan gowrak adamdan bu ulaglar üçin sargyt hem kabul edildi.

Howa taksileri ozal gabat gelinmedik taslama eýe. Onuň dikligine uçmagyny sekiz pyrlampaç üpjün eder. Ulagyň içi hem özboluşly dizaýny bilen tapawutlanýar.

Täze taksi şäher ýollary üçin niýetlenendir. Ol bir gezek zarýadlandyrma bilen 100 kilometre çenli aralygy geçip bilýär.