Türkmenistanyň Prezidenti Gyzylarbat etrabyna we Balkanabat şäherine täze häkimleri belledi

Annamyradow Şöhrat Hudaýberdiýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Emin Ýegenmyradowiç Aşyrow bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine Öwezgeldi Amanberdiýewiç Goşjanow bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, 6-njy sentýabrda degişli Permanlara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.