Bu gatnatmalar şäherden ýetmiş kilometriň çäklerinde ýerleşýän ilatly ýere çenli ýerine ýetirilýän gatnaw ugurlary boýunça amala aşyrylýar. Awtobuslarda şäherýaka gatnawlarynda ýolagçylary gatnatmak awtoulagy öndüriji zawod tarapyndan bellenen ýolagçylaryň umumy ýerleşişiniň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Ýolagçylary ýeňil takside gatnatmak buýrujy tarapyndan ýeňil taksiniň sürüjisi bilen gönüden-göni dilden baglaşylýan şertnamanyň esasynda ýa-da daşaýjy tarapyndan ýeňil taksini hakyna tutmak baradaky buýurmanyň esasynda amala aşyrylýar. Buýurma islendik aragatnaşyk serişdelerini ulanmak arkaly, şeýle hem daşaýjynyň ýerleşýän ýerinde kabul edilýär.
Bu gatnatmalar uzynlygy ýetmiş kilometrden uzak bolan gatnaw ugurlary boýunça amala aşyrylýar. Şäherara gatnawynda gitmek üçin biletleriň ýerlenilmegi awtoulag menzilleriniň kassalarynda ýa-da biletleriň satuwynyň beýleki nokatlarynda amala aşyrylýar, şeýle nokatlaryň ýok halatynda biletler sürüjiler tarapyndan gönüden-göni awtoulag serişdesiniň duralga nokadyndan ugramagyna çenli oňa ýolagçylar mündürilende ýerlenilýär.
Bu gatnatmalar ýuridiki we şahsy taraplaryň buýurmalary esasynda amala aşyrylýar. Ýolagçylary buýurma boýunça gatnatmak ýazmaça görnüşde baglaşylan awtoulagda gatnatmak baradaky şertnamanyň esasynda berlen ulag serişdesi bilen, şertnamada kesgitlenen şertler esasynda amala aşyrylýar.
Bu gatnatmalar şäheriň çägindäki birnäçe ugurlar boýunça esasan kiçi göwrümli awtobuslarda amala aşyrylýar. Bu ýolagçylara has gysga wagtda barmaly ýerine barmaga mükinçilik berýär.