Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi, bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.