Täze «Mitsubishi Pajero Sport» Ýewropada synag ýoluna çykaryldy

«Mitsubishi Pajero Sport» ulagynyň täze kysymy ýol synaglarynda duş gelýär. Öndürijileriň awtoulagy köpçülige görkezmezlige çalyşýandyklaryna garamazdan, onuň käbir dizaýn aýratynlyklary göze ilýär. Şeýlelik bilen, awtoulagyň öň tarapy gönüburçly görnüşe eýe bolup, ony L200/Triton kysymly pikap modeline ýakynlaşdyrýar – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Megerem, täze «Pajero Sport» ulagy hem şol bir platformada gurnalandyr. Şol bir wagtyň özünde, onuň kuzowynyň arka tarapy häzirki modelde bar bolan aýratynlyklaryny saklap galýar.

Işläp düzüjiler synag awtoulagynyň «gatyr» diýlip atlandyrylýan modellere degişlidigini belleýärler, şunda şassisiniň aýratynlyklary has kämil häsiýete eýe bolýar. Şeýle hem awtoulagyň önümçilik tapgyryna goýberiljek görnüşiniň gutarnykly dizaýny asyl nusgadan tapawutlanjakdygy aýdylýar. Täze ulag döwrebaplaşdyrylan, has ýeňil we has berk çarçuwa, şeýle hem kuwwaty 150-den 204 at güýji bolan 2,4 litrlik dizel hereketlendirijisine eýe bolar diýlip garaşylýar.

Onuň içki bezegi hem möhüm üýtgeşmeleri başdan geçirer we L200/Triton pikap modeli bilen bir nusga getiriler. Täze «Mitsubishi Pajero Sport» awtoulagynyň köpçülikleýin çykarylmagy 2025-nji ýylda meýilleşdirilýär.