96 ýyl ozal gazanylan ýeňşiň hormatyna «Alfa Romeo»-nyň ýörite nusgalary hödürlenildi

«Alfa Romeo» kompaniýasy «Mil Miglia» ýaryşynda gazanylan ilkinji ýeňşiniň 96 ýyllygy mynasybetli, «Super Sport» tapgyrynyň çäklerinde «Giulia Quadrifoglio» sedanynyň we «Stelvio Quadrifoglio» krossoweriniň ýörite nusgalaryny hödürledi. Bu barada «Motor.ru» ýazdy.

Habar berlişi ýaly, bu awtoulaglar jemi 450 nusgada öndüriler.

Tutuksy reňkli «supersport» 100 ýyldan soň ilkinji gezek gara reňkli nyşan bilen bezeldi. Onuň gara reňkli tormozlary bolan diametri 19 ýa-da 21 dýuýmlyk tekerleri bar.

«Quadrifoglio 100th Anniversario» tehniki nukdaýnazardan, ozalky nusgasyny gaýtalaýarlar, ýöne ulagyň güýçji 520 at güýjüne ýetirildi. Şeýle hem ulag «V6 2.9» biturbo häsiýetli hereketlendirijisi, çäkli süýşme diferensiýasy, hereketlendiriji bölüji (diňe «Giuliada») we «Akrapovich» goýberiş ulgamy bilen üpjün edilendir.

Superkarlar diňe bir taryhy hormatlamak maksady bilen däl, eýsem, täsirli aýratynlyklary bolan awtoulaglardyr. Ol aýratynlyklar şulardan ybarat:

0 ― 100 km/sag. üçin tizlenme: 3,6 sekunt («Giulia») we 3,8 sekunt («Stelvio»)

Iň ýokary tizlik: sagatda 305 km/sag («Giulia») we 285 km/sag («Stelvio»).