Elektrik ulaglarynyň batareýalarynyň bahasy 10 esse arzanlady

Soňky 15 ýylda ABŞ-da elektrikli ulaglar üçin litiý-ion batareýalarynyň bahasy 10 esse arzanlady. 2008-nji ýylda, elektrikli awtoulaglar üçin bir kilowat sagatlyk batareýanyň kuwwaty 1415 dollar bolsa, 2023-nji ýyla çenli önümçilik we tehnologiki açyşlar sebäpli bu görkeziji 139 dollara çenli azaldy diýip, «Auto.ru» habar berýär.

Bahalaryň iň ep-esli peselmegi 2009-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli, elektrikli ulaglaryň modelleriniň bazarlara köpçülikleýin çykarylmagydyr. «Gartner» syn beriş kompaniýasy 2027-nji ýyla çenli elektrikli ulaglary öndürmek üçin çykdajylaryň benzin bilen işleýänleriňkä deň boljakdygyny çaklaýar.

Batareýanyň bahasynyň peselmegi bilen birlikde ABŞ-da elektrikli ulaglara eýe bolmak üçin umumy çykdajy hem azaldy.