Türkmenistan we Seýşel Respublikasy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

13-nji awgustda Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu çäre BAE-däki Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda geçirildi diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çäräniň çäginde Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Seýşel Respublikasyndan kärdeşi Gerwais Mumu bilen gepleşikler geçirdi. Diplomatlar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Syýasy we diplomatik gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem ykdysadyýet we söwda pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, taraplar medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky özara gatnaşyklar meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.