Türkmenistanyň Prezidenti Awazada welosipedli gezelenç etdi

Zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün, 14-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ir säher bilen döwlet Baştutany Hazar deňziniň kenaryna geldi.

Welosipedli gezelenjiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady.