Türkmenistan — Astrahan: Ýük gämi gatnawlary boýunça hyzmatdaşlyk ösdüriler

Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýewiň arasynda taraplaryň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we onuň geljegini maslahatlaşmak bilen bagly duşuşyk geçirildi. 

Duşuşykda aýratyn ähmiýet berlen ýagdaýlaryň biri hökmünde Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň ösüşinde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ýokary ähmiýete eýedigini bellemek gerek. 

Astrahanyň «АБН-Астрахань» informasion web saýtynyň habar berşi ýaly, 19-20-nji ýanwarda geçiriljek türkmen-rus forumynyň çäklerinde Astrahan sebitiniň portlary bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda yzygiderli ulag gatnawlaryny ýola goýmak, şeýle hem sebitde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak meselelerini öwrenmek meýilleşdirilýär. 

Çeşmede getirilýän bu maglumatlara Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Golowkowyň: «Özara gatnaşyklarymyzyň şu we beýleki meseleleri indiki hepde Aşgabatda geçiriljek işewürlik forumda ara alnyp maslahatlaşylar. Oňa sebitimizden wekiliýet gatnaşar» - diýip bellemegi hem aýdyň delil bolup hyzmat edýär.