Türkmenistanda awiabenziniň täze görnüşi öndürilip başlandy

Türkmenistanda B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdyrahmanow geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öndürilen täze önüm ozal daşary ýurtdan getirilen benziniň ornuny doly tutýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy we degişli işler ýerine ýetirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilýän işleriň wajypdygyny belledi hem-de milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.