Türkmenistan bilen Özbegistan haryt alyş-çalşygyny geçirdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda kömek hökmünde alyş-çalşyk geçirildi. Özbegistan Türkmenistana 20 sany häzirki zaman «Volkswagen Caddy» tiz kömek ulagyny iberdi. Türkmenistandan bolsa Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gaz muzdsuz ugradyldy.

Bu çäre iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy, şeýle hem ýakyn doganlyk gatnaşyklary esasynda birek-birege hormat goýmagyň alamaty hökmünde geçirildi.

Şu mynasybetli Horezm sebitini Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty bilen birleşdirýän «Şawot» serhet gümrük postunda dabaraly çäreler geçirildi diýip, «Upl.uz» habar berýär.