Aşgabatda we Moskwada demirýol wekilhanalary açylar

«Rossiýskiýe železnyýe dorogi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda wekilhana açmagy meýilleşdirýär. Mälim bolşy ýaly, şü günler Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorow Aşgabatda saparda bolup gepleşikler geçirýär.

Rus kompaniýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Russiýanyň demir ýol kompaniýasy Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmagy göz öňünde tutýar.

– Russiýanyň we Türkmenistanyň demirýol ulaglary düzümleriniň arasyndaky 2023 ― 2025-nji ýyllar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasynyň çäreleri öz möhletinde amala aşyrylýar. Şonda rus kompaniýasynyň Aşgabatda, «Türkmendemirýollary» agentliginiň bolsa Moskwada wekilhanasyny açmagy göz öňünde tutulýar – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Şeýle hem, «Demirgazyk ― Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça ulag we logistika hyzmatlaryny ýokarlandyrmak, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek we sanly ulgamy ornaşdyrmak we adam resurslaryny ösdürmekde «Türkmendemirýollary» agentligi bilen bilelikde işlemek meýilleşdirilýär.