Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary uniwersitetiň mugallymynyň ýolbaşçylygynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenmek maksady bilen, Pekin şäherinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.
«BMW M Motorsport» öz muşdaklaryna professional ýaryş dünýäsine elýeterli giriş nokadyny hödürleýän täze derejeli ýaryş awtoulagynyň döredilendigini habar berdi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça sanly ulgam hem-de mobil goşundysy arkaly bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.
Şu gün Türkmenistanyň DIM-niň binasynda daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudyň arasynda duşuşyk geçirildi.