Türkmenistanyň gümrük işgärleri üçin okuw sapaklary geçirildi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Serhet dolandyrylyşyna ýardam maksatnamasy Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin töwekgelligi dolandyrmagyň innowasion ýörelgeleri we usullary, şeýle hem ýaşyl kanallar boýunça maslahat geçirdi.

14–17-nji fewral aralygynda geçirilen bu çäräniň maksady gümrük töwekgelligini toparlara we ugurlara bölmek üçin ulanylýan innowasion usullary, gurallary we maglumat ulgamlaryny ulanmaga ünsi jemlemek bilen, töwekgellikleri dolandyrmak ulgamyny işläp düzmekde we kämilleşdirmekde gümrük gullugyna goldaw bermekdir.

Seminaryň barşynda bar bolan gümrük gözegçiligi ulgamyny ara alyp maslahatlaşmak we oňa baha bermek esasynda gowulaşdyrylmaly ugurlar kesgitlendi we töwekgellikleri dolandyrmak ulgamyny hem ýaşyl kanallary döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipler işlenip düzüldi. Ýaşyl kanal ulgamy gümrük gözegçiligini sadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa gümrük edaralaryna ýolagçy we ýük akymyny gowulandyrmaga, gözegçiligiň netijeliligini peseltmezden we gümrük işgärleriniň sanyny artdyrmazdan, söwdanyň artýan möçberini netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Merkezi Aziýada serhet dolandyrylyşyna ýardam maksatnamasynyň 10-njy tapgyrynyň «Serhetlerdäki kanuny söwda akymlaryna ýardam etmek» düzüminiň çäginde guralan bu maslahat sebitleýin ykdysady birleşme işini mundan beýläk-de goldamaga gönükdirilendir.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»