«Tesla Semi» elektrikli ýük awtoulaglary ajaýyp netijeleri görkezýär

«Tesla Semi» elektrikli ýük awtoulaglary ajaýyp netijeleri görkezýär. Bu ýük awtoulaglarynyň biri eýýäm 250 000 mil (402 336 km) aralygy geçdi. Kompaniýanyň içinde hem-de onuň hyzmatdaşy «PepsiCo» tarapyndan işjeň ulanylýan, takmynan, 100 ýük ulagyndan ybarat «Tesla Semi» ulaglar parkyndaky ýük ulaglarynyň ählisi jemi 7,5 million mil (12 070 080 km) ýol geçdi diýip, «Ferra.ru» habar berýär.

Mundan başga-da, «Tesla Semi» her mil üçin bary-ýogy 1,6 kWt/s sarp edip, energiýa netijeliligi boýunça garaşylanyndan has ýokary netije görkezdi, bu bolsa ilkibaşdaky 1,7 kWt/s-lyk çaklamadan pesdir. Ýük awtoulaglarynyň 95 göterim üznüksiz işlemegi bilen subut edilýän ajaýyp ygtybarlylygy olaryň täjirçilik maksatly ulanylmaga taýýardygyny tassyklaýar.

«Tesla» eýýäm geljek ýyl Newadadaky täze zawodda «Semi» ýük ulaglarynyň önümçiligini giňeltmegi we 2026-njy ýyla çenli her ýylda 50 000 ýük awtoulagynyň önümçiligine ýetmegi meýilleşdirýär.