Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy

Şu gün — 21-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň Baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşdarlar Palatasynyň agzasy Şimpeý Matsuşitanyň ýolbaşçylygyndaky deputatlar topary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar dostlukly ýurtlaryň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuny bellediler. Şol bir wagtda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işi bu hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm orny eýeleýär.

Taraplar ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň guralmagy babatda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçylary we agzalary türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly ýurdumyzda geçirilýän çärelere gatnaşmaga çagyryldy.