Sebitara we içerki awtomobil ýollaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek tabşyryldy

Geçen hepdäniň anna gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 117,2 göterim, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 107,3 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň geçen iki aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 100 göterime, Energetika ministrligi tarapyndan önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,4 göterime deň boldy. Ýylyň başyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 143,7 göterim, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,8 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 109,7 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýyl ýurdumyzda birnäçe iri önümçilik we durmuş maksatly binalarydyr desgalary ulanmaga bermegiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu binalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagy üçin gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň netijeli işlemegini gazanmak zerurdyr. Şeýle hem himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegi üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygy bellenildi. Energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem artdyrmak möhümdir. Sebitara we içerki awtomobil ýollaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

 Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi