«Özbegistan – Türkmenistan» erkin söwda zolagy döredilýär

Özbegistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Kararyna laýyklykda, Horezm sebitiniň Şawat etrabynda meýdany 3,1 gektar bolan «Özbegistan – Türkmenistan» erkin söwda zolagy dörediler, bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan haryt saklama, saýlama, ýerleme we daşama infrastrukturasy dörediler.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary tarapyndan 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda gazanylan «Şawat – Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyny döretmek baradaky ylalaşyk bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýär.

Erkin söwda zolagy, soň möhletini uzaltmak mümkinçiligi bilen 30 ýyllyk döredilýär. Onda diňe Özbegistanda we Türkmenistanda öndürilen önümleriň satuwyny guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, bu ýerde bölek söwda amallaryna rugsat edýän «erkin gümrük zolagy» düzgüni bolar. Zona giriş aýratyn barlag-goýberiş nokatlary arkaly amala aşyrylar. Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem goňşy ýurda gelen daşary ýurtlylar bu ýerde 15 güne çenli wizasyz galyp bilerler.

Söwda zolagynyň çäginde adamlar, ulaglar we harytlar erkin hereket ederler. Söwda zolagyndaky binalary we desgalary onlaýn elektron auksionlar arkaly telekeçilik guramalaryna kireýine bermek meýilleşdirilýär. Telekeçiler üçin zolakda «Bir penjire» merkezi açylar. Ol bu ýere gelenleri gümrük, salgyt, şahadatnama, fitosanitar, mal lukmançylygy we ulag hyzmatlary bilen üpjün eder. Şeýle hem bank we pul alyş-çalyş nokatlaryny, myhmanhanalary, ilkinji lukmançylyk nokadyny we beýleki infrastruktura desgalaryny enjamlaşdyrmak tabşyryldy.

Taslamany iki ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär, bu bolsa özara söwdany iki ýurduň ykdysadyýetiniň biri-biriniň üstüni ýetirýän esasda ösdürmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, bilelikdäki taslama logistika çykdajylaryny azaltmaga we täze iş ýerlerini döretmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanyň Lebap, Özbegistanyň Buhara welaýatlarynda-da şuňa meňzeş bilelikdäki taslama işlenip düzülýär.

Türkmen-özbek serhedinde erkin söwda zolaklarynyň döredilmegi özara söwdanyň depginli ösmegine täze itergi bermelidir, onuň möçberi 2017-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli bäş esseden-de köp artdy. Geçen ýyl 46 müňden gowrak türkmen raýaty söwda etmek maksady bilen, Özbegistana baryp, daşary ýurtly işewür syýahatçylaryň sanawynda birinji ýeri eýeledi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr"