Owganystanyň wekilýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy

3-nji martda Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda wekiller Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, onuň terminallarynyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyş boldular.

Şeýle-de, myhmanlara üstaşyr ýükler üçin «gümrük düzgüni» tertibiniň artykmaçlyklary barada gürrüň berildi. «Gümrük düzgünine» laýyklykda ammarda üstaşyr ýükler 3 ýyla çenli gümrük paçlardan boşadylyp, üçünji taraplara eksport edilmegi üçin döredilen mümkinçilik barada içgin durlup geçildi.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda wekiliýetiniň ýolbaşçysy terminalyň sowadyjy konteýner ammary, esasan hem Owganystanyň eksport maksatly gök önümlerini we gury ir-iýmişlerini terminalyň ammarynda sowadyjy konteýnerde saklamak mümkinçiligi bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem myhmanlara sowadyjy konteýnerleriň saklanylýan ammar meýdançalary görkezildi.

Wekiliýet ýolbaşçysy Owganystan üçin ýük daşamalarynda 2 sany ileri tutulýan ugruň, ýagny Lapis Lazuli ulag-üstaşyr geçelgesi we Türkmenistanyň üsti bilen Russiýa Federasiýasy ugrynyň bardygyny belledi.

Şeýle-de saparyň dowamynda myhmanlara «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri we bu ýerde abatlaýyşda duran gämilerde alnyp barylýan işler görkezildi.

Porta saparyň ahyrynda wekilýetiň ýolbaşçysy tarapyndan Türkmenistanda deňiz ulag infrastrukturasy üçin edilen işlere ýokary baha berildi.

Çeşme: «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi